JEMGYÝET

Adatdan daşary ýagdaýlara bagyşlanan maslahat geçirildi

Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň we onuň etrapdaky bölüminiň guramagynda maslahat geçirildi.

Oňa etrabyň daýhan birleşikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Onda ýüze çykmagy ähtimal adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň öňüni alyş çäreleri, ýüze çykan ýagdaýynda edilmeli işler barada giňişleýin durup geçdiler. Aýratyn hem, ýangynlaryň, şol sanda tebigy ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak üçin geçirilmeli çärelere, ýer titremesi,suw joşmasy ýaly tebigy hadysalar ýüz çykanda, ýangyn dörände, her bir edilmeli işler barada gürrüň etdiler.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri, olary ilatyň arasynda wagyz etmek we ornaşdyrmak barada hem ýörite çykyş diňlenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: