Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça düşündiriş berildi
Dänew etrabyndaky 17-nji orta mekdepde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerine bagyşlanan okuw geçirildi. Ony Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi Lebap welaýatynyň raýat goranyş we halas ediş müdirligi bilen bilelikde gurady. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň müdirleriniň terbiýeçilik boýunça orunbasarlary gatnaşdylar.
Onda tebigy hadysalar, tehnogen ýagdaýlar bilen baglanyşykly betbagtçylyklar ýüze çykanda, adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydyklary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Ýer titremesi, süýşmesi, harasat gopmagy, sil gelmegi we şulara meňzeş beýleki hadysalar barada habarly bolmagyň, şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň düzgünlerini bilmegiň ýitgileriň öňüni almaga ýardam edýändigini ýatladyldy. Ýüze çykmagy mümkin hadysalar barada düşünje berildi. Şonuň ýaly-da, ejir çekene ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullary öwredildi.
Okuwyň soňunda bu tema degişli film görkezildi.