BIZE YAZYARLAR

Adamzat ýaşaýşynyň esasy gymmaty suw – ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etýän tebigy baýlykdyr

Bilşimiz ýaly  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň üstünliklere we rowaçlyklara şöhlelenýän her-bir güninde  Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak , ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär.

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminama gol çekilmegi we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO-nyň “Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi” kafedrsyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekilmegi. Şuňa meňzeş kafedralaryň 117 döwletiň ýokary okuw jaýlary bilen ÝUNESKO UNITWIN kafedralarynyň  torynyň döredilmegi ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara möçberinde milli tejribäni paýlaşmaga uly mümkinçilikleri berýär.

Biziň tehniki orta hünär okuw mekdebimize Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw usuly işler boýunça ýolbaşçylyk etmegi, bu döredilen kafedranyň professor mugallymlarynyň  biz mugallymlara “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersinden sapaklary geçmäge uly goldaw hemaýatlary bermegi sapaklarymyzyň täsirli we netijeli geçmegine  uly mümkinçilikleri bermek bilen, geljekde hem ekologiki meseler baradaky çözgütlere bütin dünýä bileleşikleriň bilermenleri bilen pikir alyşmaga uly ähmiýet berer.

Biziň ýurdumyzda halkara kadalaryna laýyk gelýän “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki kanunlar kabul edilip . “Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnama” we “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Suw, ýer we biologik serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi we tebigy landşaftlary goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler geçirilýär.

Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi, ozon gatlagynyň ýukalmagy, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy, ösümlikleriň we haýwanlaryň biologiki taýdan köpdürlüliginiň kemelmegi bilen baglanyşykly wehimler hem-de töwekgelçilikler häzirki döwrüň çylşyrymly hem-de möhüm meseleleridir. Bu meseleleri çözmekde dünýäniň ähli döwletiniň hyzmatdaşlygy, ähli halkynyň jebisleşmegi möhümdir. Şol meseleleriň oňyn çözgütleriniň tapylmagyny jebis hyzmatdaşlyk arkaly gazanmak mümkindir. Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek, başgaça hemişe giň möçberli ekologiýa meselelerini çözmäge ýardam edýän oňyn hyzmatdaşlyk üçin biziň ýurdumyz hem açykdyr.

Bu günki temamyzyň esasy meselesi bolan Adamzat ýaşaýşynyň esasy gymmaty Suw hiç wagt öz gymmatyny ýitirmeýär. Onuň saglyga peýdasy barada häzire çenli ençeme ylmy işler, edebi eserler ýazyldy. Alymlaryň bellemegine görä, adam bedeninde beýniniň 85 göterimi, ganyň 80 göterimi, myşsalaryň 70 göterimi suwdan ybarat. Günüň dowamynda adam bedeninde derlemek, dem almak, geplemek we peşew ýoly arkaly 2 litre golaý suw ýitirilýär. Bedeniň ýitgisiniň öwezini dolmak üçin her gün 2 litrden gowrak arassa suw içmek maslahat berilýär. Çünki suw – ýaşaýşyň çeşmesi. Şonuň üçin suw baýlyklarymyzy goramak onuň peýdalanşyny rejeleşdirmek ugrunda uly gerimli işleriň alnyp barylmagy dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, çölüň merkezinde köli döretmegiň ägirt uly taslamasy sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, suw gorlaryny aýawly we rejeli peýdalanmagyň wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama diňe Türkmenistan üçin däl-de, eýsem, tutuş Orta Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Täze taryhy döwürde daşky gurşawy goramak, tebigaty netijeli ulanmak, bioköpdürliligi goramak we artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň tebigaty goramak boýunça döwlet syýasatynyň ekologiýa, innowasion we ýokary tehnologik çözgütleri, öňdebaryjy işläp düzmeleri ornaşdyrmak, şol sanda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek, senagatda ulanylan suwlary arassalamak, suwarymly ýerler üçin gaýtadan peýdalanmak meselelerine ylmy çemeleşmäniň möhümligi, Häzirki döwürde suwy arassalamagyň we süzmegiň, süýjetmegiň innowasion usullaryny işläp taýýarlamak babatda hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda beren görkezmesi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Dünýäde suwy sarp etmegiň artýan möçberini we ýetmezçiligini nazara alanyňda, bu mesele has-da möhüm häsiýete eýedir. Ýurdumyzyň geljekki ösüşi üçin, halkyň bähbidine gönükdirilen çäre durmuşa geçirmekde ähmiýetli we tutanýerli, döwletli başlangyçlary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Ýagmyrowa Jahan Atajanowna

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: