BIZE YAZYARLAR

Adamyň organizminde mugthorlyk edýän ýönekeýjelere garşy göreş

Adam saglygy üçin howply bolan ýönekeýjeler organizmde mugthorlyk edip, dürli keselleri döredip bilerler. Bu ýönekeýjeler bedende köpelip, immun ulgamyny gowşadyp, dürli agyr keselleriň döremegine sebäp bolýär. Olar çaltlyk bilen köpelen, öýjük derejesinde ýokuşyp, ýaşaýyş üçin oňaýly şertleri bolan dürli organlara hüjüm edýärler. Adatça, ýönekýjeler suw, hapalanan iýmitler, şeýle hem keselli haýwanlar we insektler (mysal üçin, mör-möjekler) arkaly adamlara geçýär we mugthorlyk edip ýaşaýarlar. Şeýlelik-de adamyň organizminde mugthorlyk edýän ýönekeýjelere garşy göreş çäreleriniň esasy usullary :
1. Farmakologiki dermanlar bilen göreş:
― Farmakologiki dermanlar, organizmdäki ýönekeýjelere garşy iň täsirli
usullaryň biridir. Dürli himiki maddalar we antibiotikler ýönekeýjeleriň öýjük
gurluşlaryna täsir edip, olaryň ýaşamagyny kynlaşdyrýar ýa-da doly ýok edýär.
― Antiparazitler: ýönkeýjelere garşy aýratyn täsir edýän derman serişdeleridir.
Meselem, metronidazol we tinidazol dermanlary Entamoeba histolytiсa
(amýoba) ýaly ýönekeýjelere garşy giňden ulanylýar.
― Antimalariýa serişdeleri: Plasmodium maşgalasyna degişli ýönekeýjelere
garşy täsirli dermanlar ulanylýar. Bu serişdeler ganyň öýjüklerinde we bagyrda
bolup geçýän plazmodiumlaryň köpelmegini we ýaşaýşyny togtadýar.
Farmakologiki dermanlar bejergide täsirli bolup, ýönekeýjeleriň ýok edilmegine
gönükdirilen esasy usul hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa, derman serişdeleriň
käbiriniň täsiriniň çäklidigi sebäpli, dürli ýönekeýjeleriň durnuklylygy göz
öňünde tutulmalydyr.
2. Arassaçylyk bilen bagly göreş usullary:
Ýönekeýjeleriň adama ýokuşmagynyň öňüni almak üçin arassaçylyk çäreler
örän möhümdir.
― Suw we iýmitiň arassaçylygy: ýönekeýjeleriň köpüsi suw arkaly geçýändigi
üçin, içimlik suwy arassalamak we howpuz iýmitleri iýmek peýdalydyr. Suwy
gaýnatmak ýa-da ýörite süzgüçlerden geçirmek bilen ýönekeýjeleriň
ýokuşmagynyň öňi alynýar.
― Şahsy arassaçylyk: günüň dowamynda elleri ýuwmagyň düzgünlerini berjaý
etmeli we adaty arassaçylyk düzgünlerine eýermek ýönekeýjelere garşy gorag
usulydyr. Şeýle-de, iýmit taýýarlanylanda, çig etleri gowy gaýnadyp ýa-da
gowuryp iýmek maslahat berilýär.
Arassaçylyk çäreleri bilen ýönekeýjeleriň adamlara ýokuşma howpy ep-esli
azaldylyp, dürli parazit keselleriň öňüni almak mümkindir.
1. Immun ulgamynyň güýçlendirilmegi:
Immun ulgamynyň ýagdaýy ýönekeýjelere garşy göreşde uly ähmiýete eýe.
Immun ulgamy güýçli bolan adamlar ýönkeýjelere has durnukly bolýarlar we
olara ýokuşsa-da keselden tiz dynýar.

― Sagdyn iýmitlenmek A, С we E mitaminleri, şeýle hem sink we selen
minerallaryna baý iýmitlenmek immun ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar.
Sagdyn iýmitlenmek bedeniň ýönekeýjelere garşy göreşmek mümkinçiligini
ýokarlandyrýar.
― Fiziki işjeňlik: fiziki işjeňlik hem immunitetiň güýjüni artdyrýar.
Ýönekeýjelerden goraýjy serişdeler bilen baglanyşykly fiziki işjeňlik, adam
bedeniniň sagdynlygyny we gorag ukubyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Immun ulgamy güýçli bolan adamlar ýönekeýjelere garşy goranma güýçliligine
eýe bolup, parazitleriň ýokuşmagyna garşy durup bilýärler.
1. Genetiki we biotehnologiýa usullary:
Häzirki wagtda biotehnologiýanyň ösmegi bilen ýönekeýjelere garşy täze
tehnologiýalar hem işlenip taýýarlanýar. Genetiki taýdan üýtgedilen
organizmler we sanjym tehnologiýalary mugthor ýönekeýjelere garşy göreşde
geljek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
― Sanjymlar: malariýa ýa-da beýleki parazit keselleriň öňüni almak üçin
sanjymlar işlenip taýýarlanýar. Bu sanjymlar bedene ýönekeýjelere garşy
immun goragyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.
― Genetiki usullar: ýönekeýjelere garşy güýçli öýjük durnuklylygyny döretmek
üçin bedende belli bir genleriň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça işler
alnyp barylýar.
Adamyň organizminde mugthorlyk edýän ýönekeýjelere garşy göreş saglygy
saklamakda örän möhüm bolup, dürli usullaryň toplumlaýyn ulanylmagy oňat
netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Farmakologiki dermanlar, arassaçylyk
çäreler, immuniteti güýçlendirmek, biotehnologiýa we genetiki usullar bilen
ýönekeýjelere garşy göreşde netijeli usullar gazanylyp bilner. Şeýlelikde, adam
organizminde mugthor ýönekeýjelere garşy göreşmekde köp taraplaýyn we
durnukly strategiýalaryň ornaşdyrylmagy sagdyn durmuş we ýokanç keselleriň
öňüni almak üçin möhüm orny eýeleýär.

Oguljan HEMRAÝEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
Bejeriş işi hünäriniň II ýyllyk talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: