BIZE YAZYARLAR

Adamyň jemgyýetde öz-özüni kämilleşdirmegi nämä bägly ?

      Haçan-da adam haýsydyr bir fiziologik ýa-da psihologik ýetmezçilik duýandaesasan hem jemgyýetde kämillik ýaşyna ýetende onda öz-özündentalap duýgusy döreýär. Adamda talap dörände onda maksada okgunlulyk höwesi oýanýar. Bu höwes haýsydyr bir zadyň ýetmezçiliginiň duýgusydyr we ol anyk ugra gönükdirilendir. Ol talabyň özüni alyp baryşda ýüze çykmasydyr we ähli ünsüň maksada ýetmek üçin bir ýere jemlenmesidir. Talabyň birnäçe görnüşleri bardyr:

          1.Fiziologik talaplar ýaşaýşy dowam etdirmeklik üçin zerurdyr. Olaryň hataryna iýmite, suwa bolan zerurlyk, ýaşaýyş jaýyna, dynç almaklyga we ş.m. bolan zerurlyklar degişlidir.

          2.Howpsuzlyga we geljege bolan ynama talap daşky gurşawdan abanýan fiziki we psihologik howplara garşy goraga we fiziologik talaplaryň geljekde hem kanagatlandyrylmasynyň kepilligine bolan talaby özünde jemleýär.

          3.Durmuş talaplary (käwagt gatnaşmak talaby diýlip atlandyrylýan) – bu düşünje haýsydyr bir zada ýa-da kimdir birine goşulmaklygy, beýlekileriň seni kabul etmesini aňladýan, özara durmuş gatnaşyklarynyň, baglylygyň we goltgy-hemaýatyň duýgusydyr.

          4.Sylag-hormata bolan talap öz-özüňi sylamaklyga, şahsy derejäňe we iş başarnygyňa töwerekdäkileriň hormat goýmasyna, ykrar edilmäge bolan islegi hem öz içine alýar.

         5.Özüňi görkezmeklige bolan talap – özüňde bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmaklyga we şahsyýet hökmünde ösmeklige bolan talap.

         Adamlarda netijeli işe höwes döretmek üçin sylag ulanylýar. “Sylag” sözüniň manysy giň bolup, diňe pul ýa-da lezzet bilen çäklenmeýär.

  • Sylag – adamynyň özi üçin gymmatly hasaplaýan ähli zatlarydyr. Ýöne adamlaryň gymmatlyk baradaky düşünjeleri dürli-dürlüdir, şoňa görä-de sylaga baha berşi hem, onuň deňeşdirerlik gymmaty hem dürli-dürli bolýar.

Sylagyň iki görnüşi bolýar:içerki we daşarky sylaglar.

  • Sylagyň içerki görnüşi işiň özünden döreýär (netije gazanmak duýgusy, ýerine ýetirilen işiň mazmuny we ähmiýeti, özüňe hormat goýmak, dostluk, özara söhbetdeşlik). Sylagyň içerki görnüşini üpjün etmekligiň iö ýönekeý usuly degişli iş şertlerini döretmekden ybaratdyr.
  • Daşky sylag – bu sylagyň, köplenç halatlarda, “sylag” sözüni eşiden dessine akylyňa gelýän ilkinji aňlatmalardan ybarat bolan görnüşidir. Daşarky sylag işiň özünden emele gelmeýär, ol gurama tarapyndan hödürlenilýär (zähmet haky, wezipe derejesiniň beýgeldilmegi, gulluk derejesiniň we abraýynyň nyşanlary, öwgüler we ykrar edilmeler, goşmaça tölegler).

Halima KARIMOWA,

Darganata etrabyndaky ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň mugallymy.