DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Adamlar robotlar bilen ýaryşar

Hytaýyň paýtagty Pekinde 19-njy aprelde geçiriljek ýarym marafon ýaryşynda adamlar bilen birlikde adam sypatly robotlar hem bäsleşer. Täsin sport çäresi «Beijing E-Town» tehnologik klasterinde geçiriler.
Guramaçylaryň habar bermegine görä, bu adam sypatly robotlaryň gatnaşmagyndaky ikinji şeýle ýaryş bolar. Geçen ýylda bolşy ýaly, bu gezek hem adamlar bilen robotlar bir ugurda ylgarlar. Ýaryşa 100 sany tehnologik kompaniýalara hem-de uniwersitetlere wekilçilik edýän 300-den gowrak robotlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Çäräniň guramaçylary bu ýaryşyň sport bilen öňdebaryjy tehnologiýany utgaşdyrýandygyny belleýärler. Şeýle hem bu ýaryş robot tehnikasynyň ösüş derejesini, olaryň gündelik jemgyýetçilik durmuşyna barha giňden ornaşýandygyny aýdyň görkezýär.