Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde dünýäde ilkinji gezek adamlar bilen robotlaryň arasynda ylgaw ýaryşy guraldy. Onda uzynlygy 21 kilometr bolan ýoluň bir gyrasynda türgenler, beýleki gyrasynda bolsa iki aýakly adampisint robotlaryň 20-den gowragy ylgadylar.
Ýaryşyň dowamynda türgenlere suw berlişi ýaly, robotlaryň hem batareýalaryny çalyşmaga rugsat edildi. Ylgaw göni, aýlawly we ýapgyt aralyklary öz içine aldy. Robotlar pellehana gelmegi başarsalar-da, olaryň ylgaw görkezijileri we netijeleri adamlaryňkydan pes boldy. Hünärmenler olaryň hil sypatlaryny gowulandyrmagyň üstünde işleýärler.
Adamlar bilen robotlar ýaryşdy

15
May