BIZE YAZYARLAR

Adam saglygy — jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ilatyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Lukmançylyk edaralarynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy adamlaryň ömrüni uzaltmaga, keselleriň öňüni almaga gönükdirilen işler üçin berk binýat döredýär. Bu ugurda onkologiýa hassahanalarynyň orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynda häzirki wagtda keselleri irki tapmak, anyk anyklamak hem-de döwrebap bejergi usullaryny ulanmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy, täze bejeriş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hassalaryň saglygyny dikeltmekde möhüm netijeleri berýär. Şeýle hem hassalar bilen ynsanperwer, ynamly gatnaşygy ýola goýmak lukmançylyk işiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Adam saglygyny goramak diňe bir lukmanlaryň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň umumy wezipesidir. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, wagtynda lukmana ýüzlenmek we öňüni alyş çärelerine üns bermek keselleriň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň bu ugurda döredýän ähli şertleri ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen belent maksatlaryň amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

Gunça KUTLYÝEWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.