Adam hukuklarynyň kepillikleri
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde, ýurdumyzda kanunçylyk özgertmeleri yzygiderli amala aşyrylyp, Konstitusiýamyz döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şol özgertmeleriň hatarynda adam hukuklary we azatlyklary meselesine hem möhüm ähmiýet berilýär. Häzir ýurdumyzyň Esasy Kanuna laýyklykda, her bir adamyň abraýyny, mertebesini hem-de erkinligini goramaga Türkmenistanyň çäklerinde erkin hereket etmäge, ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr. Milli kanunymyzda her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Raýatlarymyzyň ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda, döwlet gullugynda işlemäge, telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik beýleki ykdysady iş bilen meşgullanmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň Baş Kanunynyň 4-nji maddasynda “Türkmenistanda Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Döwlet özüniň her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir. Ol şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şert döremegi üpjün edýär; raýatyň janyny, namysyny, mertebesini we azatlygyny, şahsyýetine eldegrilmesizligini, tebigy we mizemez hukuklaryny goraýar” diýlip aýdylan bu kadalar jemgyýetimiziň we döwletiň hukuk esaslaryny düzýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, döwletde adam mertebesini has hem ýokary göterip, onuň mizemez hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmeklikde, kanun bozulmalarynyň öňüni almaklykda hem-de jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda aýgytly ädimler ädildi. Türkmenistan raýat we adam hukugynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň ähli kadalaryny ýerine ýetirýär we hormatlaýar. 1948-nji ýylyň dekabr aýynyň 10-na “Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy” yglan edildi. Bu jarnama ilkinji gezek adamyň esasy hukuklary we azatlyklary beýan edilen halkara resminamasydyr. Şol güni bolan dekabr aýynyň-10-ny Ählumumy Jarnamanyň şeýle möhüm ähmiýete eýedigi göz öňünde tutulup – onuň kabul edilen güni bolan dekabr aýynyň 10-y – BMG tarapyndan „adam hukuklarynyň güni“ diýlip ykrar edildi. Türkmenistan döwleti hem öz milli kanunçylygynda şu Jarnama esaslanýar. Adamyň hukuklary diýlende, adamyň ykdysady, sosial, medeni çygyrlardaky mümkinçiliklerine hem-de isleglerine, şeýle hem adamyň döwlet babatda hukuk ýagdaýynyň häsiýetlendirmesine düşünilýär. “Raýatyň hukuklary” diýen adalga bolsa adama kanunda berkidilen emläkleýin we emläkleýin däl hukuklaryny aňladýar. Raýatyň syýasy hukuklary hem-de azatlyklary “şahsyýet ” diýen düşünjäniň özünden gelip çykýär.şahsy hukuklar, köplenç, tebigy hukuklar bilen gabat gelýarler. Mysal üçin, adamyň ýaşamaga bolan hukugy, şahsy eldegrilmesizligi we azatlygy, raýatyň hukuklaryny çäklendirmek, ony hukuklaryndan mahrum etmek, oňa iş kesmek ýa-da jeza bermek bolmaz, beýle ýagdaýlarda diňe kanunda göz öňüne tutulan halatlarda ýol berilýär. Adamyň şahsy hukuklarynyň ýene-de biri hem ynsanyň özüni kämilleşdirmäge, bilime we döredijilige bolan hukugydyr.
Biziň döwletimiziň Esasy Kanunynda bilime bolan hukuk şu görnüşde berkidilýär: “ Her bir raýatyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy bilim hökmandyr, her bir adam ony döwlet mekdeplerinde tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukybyna görä hünär biliminiň elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Döwlet we döwlete dahylsyz guramalaryň, raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy blen bellenilen esasda we tertipde tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga hukugy bardyr. Döwlet hemme ikuw jaýlary üçin biliminiň hökmany bolan standartlaryny belleýär.” Konstitusiýa laýyklykda adamlaryň sosial-ykdysady hukuklaryna eýeçilik hem-de ony miras goýmaga hukuklary, ähli raýatlaryň zähmet çekmäge, dynç almaga bolan hukulary, her bir raýatyň bilim almaga hukugy, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny edinmäge bolan hukugy, Türkmenistanyň raýatlarynyň öz çeper, ylmy we tehniki döredijiligini erkin alyp barmaga bolan hukuklary degişlidir. Raýatlaryň syýasy hukuklary raýatlaryň döwlet häkimýeti bilen gatnaşyklarynda ýüze çykýan hukuklarydyr. Bulara mysal edip şulary görkezmek bolýar: Türkmenistanyň raýatlarynyň öz-ynam ygtykadyna erkin eýermäge we ony erkin beýan etmäge, kanunçylykda bellenen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary we ýörişleri geçirmek azatlygy, syýasy partiýalaryň düzümine girmäge bolan hukulary, raýatlaryň saýlaw hukuklary görişimiz ýaly, raýatlaryň syýasy hukuklary olaryň raýatlygy bilen baglanyşyklydyr.
Umuman, adam hukuklaryny hormatlamak we goramak- bu döwlet häkimiýetiniň demokratiýalylygyny kämilleşdirýän esasy binýatdyr. Döwletiň kepillendirýän adam hukuklary we azatlyklary ykdysady we durmuş ösüşine bolan erki we ukyby döredip, öz nobatynda, tutuş adamzadyň parahatçylygyny we ösüşini üpjün edýär.
Medine Şirowa Sahetmuradowna
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallumy