BIZE YAZYARLAR

Adam hakdaky alada täze derejelere çykarylýar

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan bäri geçilen taryh üçin gysga döwre göz aýlanymyzda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, bilim, medeni-durmuş ulgamlarynda asyrlara barabar öňegidişlikleriň bolup geçendigini göz ýetirmek bolýar. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglyk ulgamynda hem ozallar hyýalyňada getirip bolmajak özgertmelerdir ösüşler bolup geçdi. Ynsan saglygyny goramak, raýatlara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny
etmek, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Diňe biziň welaýatymyzda amala aşyrylan işlere ser salanyňda hem, Gahryman Arkadagymyzyň işjeň gatnaşmagynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rowaç alýandygyny görmek bolýar. Geçen döwürde saglygy goraýyş edaralarynyň gerimini giňeltmäge, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä derejesine çykarmaga gaty uly üns berildi. Sebitiň iň çet obalarynda hem saglyk öýleri guruldy we olar kämil anyklaýyş hem-de bejeriş
enjamlary bilen doly üpjün edildi. Soňky ýyllarda welaýat merkezinde saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleriniň, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň, Lebap welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň, Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkeziniň gurulmagy, şeýle-de ilata lukmançylyk kömeginiň bermekligi täze belentliklere çykardy. Gahryman Arkadagymyzyň, ata kesbini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde saglygy goraýyş edaralarynyň
maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi täze satyn alynýanlarynyň hasabyna ýylsaýyn gowulandyrylýar. Netijede, keselleri irki döwürlerde ýüze çykarmaga, bejermäge giň mümkinçilikler açylýar. Lukmanlar öz hünär ussatlyklaryny dünýäniň ösen ýurtlaryndaky klinikalarda kämilleşdirýärler we alan bilimlerini iş tejribesinde giňden ulanýarlar. Bu işleriň ählisi ilatyň bähbidinedir.

Erkin RAWŞANOW,
Lebap welaýat iç keseller hassahanasynyň USB lukmany.