BIZE YAZYARLAR

Adalat — jemgyýetiň binýady

Häzirki wagtda ýurdumyzda kanunylygyň berkarar bolmagy we adalatlylygyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de beýleki hukuk namalary jemgyýetde tertip-düzgüniň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär. Kanunyň hökmürowanlygy jemgyýetiň ösüşiniň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goragynyň esasy kepilidir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hukuk döwletini ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeleriň netijesinde kazyýet ulgamynyň işi kämilleşdirilýär, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar hem-de kazyýet işiniň açyklygy we adalatlylygy üpjün edilýär. Kazyýet işgärleri hökmünde biz öz işimizde kanunyň talaplaryny takyk berjaý edip, raýatlaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmegi mukaddes borç hasaplaýarys.
Jemgyýetde kanuna hormat goýmak medeniýetini ösdürmek aýratyn möhüm wezipeleriň biridir. Her bir raýat kanunyň talaplaryny berjaý eden ýagdaýynda jemgyýetde tertip-düzgün pugtalanyp, ösüş üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ýaş nesli kanuna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek jemgyýetiň möhüm meseleleriniň biridir.
Kanunyň hökmürowanlygy üpjün edilen jemgyýetde parahatçylyk, durnuklylyk hem-de ösüş höküm sürýär. Şeýle jemgyýetde ýaşaýan raýatlaryň bagtyýar durmuşy döwletimiziň esasy gymmatlyklarynyň biridir.

Firýuza ÝUSUBOWA,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.