TÜRKMENISTAN HABARLARY

Adalat edaralarynda sanly hyzmatlar boýunça düşündiriş işleri geçirilýär

Şu günler adalat edaralarynyň işgärleri tarapyndan ýerlerde ildeşlerimiz bilen geçirilýän duşuşyklarda olara Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň hödürleýän sanly hyzmatlary barada maglumatlar berilýär.
Duşuşyklarda hem nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gulluk tarapyndan sanly hyzmatlaryň birnäçesi hödürlenilýär. Olaryň arasynda hukuklary bellige aldyrmak üçin onlaýn nobat, döwlet sanawyndan göçürmäni, gerekli kepilnamalary sargyt etmek, kabul edişlige ýazylmak, hukuk maslahatyny almak we şahadatnamalaryň öwezligini almak ýaly hyzmatlar bar.
Aslynda, bu işler adalat edaralaryna barmak arkaly edilende, ol köp wagty talap edýär. Ýöne gullugyň resmi saýty arkaly (gozgalmayanemlakgullugy.gov.tm) bu hyzmatlardan peýdalanmak üçin bary-ýogy birnäçe sekunt ýeterlik.
Duşuşyklarda ildeşlerimize hödürlenilýän sanly hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlar berlip, olardan peýdalanmagyň ýollary düşündirilýär.