Hormatly Prezidentimiz biziň medeni köpçülik çärelerimize, dabaralarymyza uly üns bermek bilen, olaryň guramaçylyk esaslarynyň ylmy nukdaýnazardan çuň many-mazmunly bolmagynyň anyk ýollaryny biz medeniýet we sungat işgärlerine salgy berýär. Sungat bu nazaryýeti boýunça täsirlenmeleriň esasynda döremek bilen, irginsiz yhlasyň, ýadawsyz zähmetiň güýji bilen belent derejelere göterilýär. Biziň ýurdumyzda dünýä inen her bir nesil medeni-aň bilim edaralarynda: medeniýet öýlerinde, medeniýet merkezlerinde, çagalar we sungat mekdeplerde hünär öwrenýärler. Saza düşünýän, aýdyma hiňlenýän, tans etmäge höwesek adamlar özünde ruhy joşguny döredýär. Ol ruhy joşguny ýaşaýşa bolan beýik söýgüni has-da artdyrýar.
Açyk sapaklarynyň geçirilmeginiň esasy maksady mugallymyň sapagy alyp barşynyň derejesini anyklamak, onuň bu babatda şowly, şeýle hem kemter taraplaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Açyk sapaklaryň geçirilip durmagy baý iş tejribesi bolan mugallymlaryň çagalar bilen işlemekde, olara bilim we terbiýe bermekde gazanýan her bir üstünlikleriniň gizlin syrlaryny ýaýratmakda, galyberse-de heniz iş tejribesi ýeterlik bolmadyk mugallymlara usulyýet we mugallymçylyk kömeginiň berilmeginde ähmiýetli we ygtybarly çäredir. Şonuň ýaly-da şeýle çäreler her bir mugallymyň usulyýet we mugallymçylyk ussatlygyny yzygiderli ösdürip durmaklygynyň kepilidir. Açyk sapaklary geçirmek mekdebiň umumy okuw terbiýeçilik iş meýilnamasyna girizilip, onuň geçiriljek aýy, güni we onuň temasy öňünden bellenilmelidir. Şonuň esasynda mugallym açyk sapagy guramaçylyk we ýokary usuly derejede geçirmeklige taýýarlyk görýär. Açyk sapaga bölümiň mugallymlary gatnaşyp, oňa bölümiň müdiri, okuw bölüminiň müdiri ýa-da mekdebiň direktory ýolbaşçylyk edýär. Açyk sapaklar dürli-dürli temada bolup bilerler. Açyk sapaklary has tejribeli, ussat mugallymlar ýörite özleriniň tejribelerini ýaýratmak maksady bilen hem geçirip bilerler. Şeýle edip geçirilýän açyk sapaklara nusgalyk açyk sapaklar diýilýär. Açyk sapaklar haýsy temada bolsa-da, şol temany geçilýän sapagyň umumy wagtyna baglylykda meýilnamalaşdyrmalydyr.Meselem:”I.S.Bah HTK I tom Prelýudiýa C-dur” temasynyň mysal meýilnamalaşdyrylyşy.
1.Sapagyň guramaçylygy-5 minut.
2. Eseriň üstünde işlemek-35 minut.
3.Sapagy jemlemek-5 minut.
1.Sapagyň guramaçylygynda okuwçynyň okuwa ünsüni çekmeklik, geçiljek eser barada umumy düşünje bermek we şuňa meňzeşler bolup biler.
2. Eseriň üstünde işlemek, onuň tempine, aýratyn kyn bolan ýerlerine ünsüni çekmek, olara aýry-aýry düşündirmek, çalyp görkezmek, soňra bolsa nota boýunça eseri bölekleýin öwretmek göz öňünde tutulýar.
3. Köplenç ýagdaýlarda mugallym geçilen sazy öwretmegiň aladasynda bolup, wagtyň nädip geçenini hem bilmän galýar. Sapagy berkitmäge, öý işlerini düşündirmäge wagt hem galmaýar. Şeýle bolmaz ýaly mugallym sapagyň soňuna geçilen sazy ýene bir gezek berkitmäge we öý işlerini hem aýdyňlaşdyrmaga wagt goýmalydyr. Açyk sapagy toparlaýyn sapaklarda geçirilende (esasan kiçi synplarda), gyzykly oýunlary, ritmiki hereketleri, tema degişli dürli şekilleri hem ulanyp bolar.
Açyk sapak geçilip bolandan soň, onuň umumy geçirilişine şol sapaga gatnaşan mugallymlar tarapyndan baha berilmelidir. Açyk sapaga gatnaşan her bir mugallym sapagyň geçişi barada öz pikirlerini aýdýarlar. Soňunda bolsa şol geçirilen açyk sapaga ýolbaşçy bolup gatnaşan ähli mugallymlaryň pikirlerini jemleýär we geçirmekdäki üstünlikleri we kemçilikleri deliller esasynda ýeke-ýeke belläp geçmelidir. Açyk sapagy geçiren mugallyma kemter bolan taraplarany düzetmäge gönükdirilen maslahatlar bermelidir. Şeýle hem sapagy alyp barmakda täzelikler bar bolsa, olar hem bellenip mugallymy höweslendirmelidir. Açyk sapaklaryň geçirilişi doly resmileşdirip, onuň bir nusgasy bolsa, okuw bölüminiň müdirinde saklanmalydyr. Geçilen açyk sapaklaryň netijesi bolsa, mugallymlar attestasiýadan geçenlerinde hökman göz öňünde tutmalydyr.
Munira DILAKOWA,
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
