Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Açyk gapylar güni geçiriler

Apr 30, 2021

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta okuw hünär mekdebi «açyk gapylar» gününi geçirýär, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Bu çäräniň birinji tapgyry 2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde geçirildi. Ikinjisi 11-nji maýda sagat 15.00-da guramak meýilleşdirilýär. Şol gün ýaşlar mekdepde berilýän hünärler, okuwyň gidişi, okamak we dynç almak üçin döredilen şertler, geljekki işlejek ýerleri baradaky maglumatlar bilen giňişleýin çalşyp bilerler.
2021—2022-nji okuw ýylyna mekdebe talyplary kabul etmek, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny, hünärsiz ýaşlary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen geçirilýän çäre ýaşlara saýlap alan ugry boýunça belli bir karara gelmäge ýardam eder.

Leave a Reply