SPORT WE SYÝAHAT

Abubakar Nurmagomedow Absolbut söweşjeň çempionatynda ýeňiş gazandy

Garyşyk stilde göreşýän russiýaly pälwan (MMA) Abubakar Nurmagomedow Las Wegasda geçen 260 Absolýut söweşjeň çempionatynda (UFC) amerikaly Jared Gudenden üstün çykdy. Bu barada «ТАСС» ýazýar.
Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, orta agram derejesindäky tutluşyk russiýaly pälwanyň peýdasyna tamamlandy. Onuň doganoglany, ýeňil agramda öňki dünýäniň çempiony Habib Nurmagomedow Abubakaryň sekundanty boldy.
Abubakar Nurmagomedow UFC-da iki gezek çykyş etdi we birinji ýeňşini gazandy. 2019-njy ýylyň noýabrynda geçirilen birinji duşuşykda ol germaniýaly Dawid Zawadeden birinji raundda utuldy. MMA-da onuň hasabyna 16 ýeňiş, üç ýeňliş we bir deň tamamlanan duşuşyk bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply