YLYM WE TEHNIKA

Abu Dabide galyndylary gaýtadan işleýän elektrikli ulag işläp başlar

2050-nji ýyla çenli tebigata zyýanly galyndylary 0 (nol) göterime çenli düşürmek isleýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti bu işiň ilkinji tapgyrlarynyň biri hökmünde galyndylary gaýtadan işlemek boýunça ilkinji doly elektrikleşdirilen ýük ulaglaryny dünýä jemgyýetçiligine görkezdi.

Täze ulaglar «Renault Trucks Middle East» we «Al Masaood» kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynda öndürildi.

«Renault Trucks» ýokary temperaturalarda ýük ulaglarynyň häsiýetnamalaryna baha bermek üçin synag maksatnamasyna badalga berer, esasy ugurlarda zarýad beriji stansiýalar bilen bagly meseleleri çözer. Elektrik ýük ulaglarynyň ulanylmagy kömürturşy gazynyň zyňylmagyny her ýylda 4 müň tonna çenli azaltmaga ýardam eder.

«Häzirki wezipe howanyň bütindünýä maýyllaşmasyna garşy göreşmekdir we biz özümiziň häzirki zaman ýük ulaglarymyzyň awtoulaglara bolan bütindünýä talaplaryny kanagatlandyrmaga ukyplydygyna buýsanýarys» – diýip, «Renault Trucks International» kompaniýasynyň prezidenti Oliwýe de Sen-Meleuk aýtdy we kompaniýanyň eýýäm 130 ýyla golaý wagt bäri ulag çözgütlerini işläp düzmekde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: