DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

ABŞ-yň futbol ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi

Argentinaly Maurisio Poçettino, ABŞ milli futbol ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy. ESPN-iň habaryna görä, ol ýylda alty million dollar gazanar.

ABŞ milli ýygyndysynyň hiç bir tälimçisi beýle hak alyp görmedi. Poçettinonyň ýolbaşçylygynda Amerikalylar ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna taýynlyk görerler. Poçettinonyň soňky işi «Çelside» bolup, 2023/24 möwsümi tamamlananda topary terk etdi.

Şeýle hem, ozal «Espanýol», «Sautgempton», «Tottenhem» we «PSŽ» toparlaryna tälim berdi. Ozal Argentinaly hünärmen hiç haçan milli ýygyndyda ýolbaşçylyk etmedi.