DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

ABŞ Trampyň kasam kabul ediş çäresine taýýar

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampyň wezipesini girişmek dabarasy üçin Waşington şäherinde ähli taýýarlyklar tamamlandy. Donald Tramp we onuň wise-prezidenti Jeýms Wens 20-nji ýanwarda wezipesine girişer.
ABŞ-nyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy Kongressiň binasynda geçiriler. Waşingtonda howanyň 11 gradus sowuk bolandygy üçin dabarany Kongressiň 600 adamlyk Rotondo atly merkezi zalynda geçirmek göz öňünde tutuldy.
Soňky gezek 1985-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda ýurduň 40-njy Prezidenti Ronald
Reýgan özüniň prezidentliginiň kinji möhleti üçin şu zalda kasam kabul edipdi.