ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden “ak başly bürgüdi” ýurduň milli guşy hökmünde resmi ýagdaýda ykrar edýän kanuna gol çekdi. Bu barada Ak tamyň 25-nji dekabrda jar eden beýannamasynda habar berilýär.
Ak başly bürgüt 1782-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň nyşanlarynyň biri bolup durýar. Şol ýylda onuň şekili tugrada, prezidentiň tugynda, pul belgilerinde we beýleki döwlet nyşanlarynda, şeýle hem döwletiň milli resminamalarynda peýda boldy.
Şol ýyl Kongres guşy ýurduň milli nyşany hökmünde resmi taýdan tassyklady.
Şeýle-de bolsa, ak başly orlan, ABŞ-nyň milli guşy hökmünde häzirki wagta çenli
resmi taýdan ykrar edilmedi, sebäbi degişli kanun maddasy Amerikanyň kanunlarynda ýokdy.
ABŞ-nyň milli guşy yglan edildi

04
Jan