ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Balkan welaýatyna sapar etdi. Ol saparynyň dowamynda Türkmenbaşy Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň we Balkan welaýatynyň häkimleri bilen duşuşdy. Ilçi Rud şeýle hem ýerli telekeçiler we sebitde işleýän amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Mundan başga-da, Ilçi Rud “Mert” alpinistler kluby we Maýyplygygy bolan adamlaryň merkezi bedenterbiýe-sport kluby ýaly birnäçe jemgyýetçilik guramalary bilen duşuşdy. Ol şeýle hem Türkmenistanyň deňiz ulgamy bilen baglanyşykly dürli desgalary gördi.
Ilçi Rudyň sapary ABŞ-nyň Türkmenistanda diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we täjirçilik başlangyçlaryny goldamaga bolan ygrarlylygyny görkezýär. ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy amerikan kompaniýalary we Türkmenistanyň hökümeti bilen maýa goýum we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň täze ýollaryny tapmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda işleýär.
ABŞ-nyň kompaniýalary Türkmenistana özüniň ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam etjek çözgütleri hödürlemäge taýýar.