ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekli Gyzyl Ýarymaýyň Lebap welaýat bölüminde gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň syýasy-ykdysady bölüminiň işgäri Loren Laskowski bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda myhman jemgyýetiň degişli Tertipnamasy we Düzgünnamasy esasynda welaýatymyzda işleriň ýola goýluşy we alnyp barlyşy bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda ilaty durmuş taýdan goramaklygyň esaslaryny berkitmek boýunça jemgyýetiň işini kämilleşdirmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygy, bu ugurda ähli edara-guramalar bilen köptaraply sazlaşykly işleriň ýola goýulýandygy, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça milli jemgyýetimiziň agzalary we meýletinçileri bilen çäreleriň, duşuşyklaryň, wagyz-ündew işleriniň geçirilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň edildi.