ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenabatda boş iş orunlarynyň sergi ýarmarkasyny geçirdi
Lebap welaýat kitaphanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Ýurdymyzda boş iş orunlarynyň sergi-ýarmarkasy» atly çäre geçirdi. Bu ýerde welaýat kitaphanasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň sergileri guraldy we sergä bu edara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň maksady: Ylym, tehnologiýa, çeperçilik sungaty, mugallymçylyk we telekeçilik bilen bagly hünärler boýunça zerur maglumatlar ulgamynyň artykmaçlary bilen tanyşdyrmakdan, nusgawy iňlis edebiýatynyň kitaplarynyň sergisini hem-de ýurdumyzyň döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz milli sergisiniň görkezilişini guramakdan ybaratdyr.