DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

ABŞ-nyň Hökümeti “Green Card” lotoreýasyna ýüz tutmagyň wagtyny üýtgetdi

Adatça, ozalky ýyllarda “Green Card” üçin ýüz tutmak senesi her ýylyň oktýabr aýlarynda geçirilýän bolsa, üstümizdäki ýylda onuň senesine üýtgeşmeler girizildi.
Bu barada ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Ministrligiň bu barada berne beýanatynda şeýle diýilýär:
– Departament “Green Card” lotereýasyna (Dürli Wiza, DV) ýüz tutmak prosesine belli bir üýtgeşmeleri girizýär. Biz “DV-2027″ hasaba alyş döwrüniň başlanýan senesini, amaly taýdan mümkin bolan badyna, şeýle hem “DV-2027” saýlama netijelerini Barlamak (Entry Status Check, ESC) arkaly elýeterli bolup biljek senesini yglan ederis.
Bu üýtgeşmeler “DV-2027” üçin saýlanan şahslar üçin wiza ýüz tutmak döwrüne täsir etmez, olaryň möhleti 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli üýtgewsiz galar.