DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti…

ABŞ-da 60-njy gezek Prezident saýlawlary geçirildi. Şonuň netijesinde, ABŞ-
nyň ozalky Prezidenti, Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Tramp saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti boldy. Bu barada ABŞ-
nyň “Fox” teleýaýlymy habar berdi.
ABŞ-da 60-njy gezek ählumumy saýlawlar geçirildi. Amerikalylar Prezidentden
we wise-prezidentden başga-da 33 senatory, wekiller palatasynyň 435 agzasyny, 11 ştatyň we iki sebitiň gubernatorlaryny, şeýle hem ýerli häkimiýetleriň dolandyryş edaralaryny saýladylar.
Prezident saýlanmak üçin 270 delegatyň sesi gerek. Amerikada saýlawlarda ýurt boýunça iň köp sesleri almak ýeterli bolman eýsem, her ştatda hem sesleri
gazanmak gerek. Şol sebäpli ilat sany ştatlardan gelýän netijeler saýlawlaryň
ykbalyna täsir edip bilýär.
Soňky maglumatlara görä, Tramp delegatlaryň 267-siniň sesini aldy, Kamala
Harris bolsa 224-siniň sesini aldy.
Bu gezekki saýlawlara işjeň gatnaşan amerikaly saýlawçylaryň 78 million
wagtyndan öň ses berdiler.
Tramp 2017-2021 ýyllar aralygynda Amerikanyň 45-nji Prezidenti boldy. 2020-
nji ýylda geçen saýlawlarda ol häzirki Prezident Jozef Baýdenden asgyn geldi.