JEMGYÝET

ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçisi Lebap welaýatynda guralan kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy

 Amerikanyň birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S.Klimow Lebap welaýat kitaphanasynda guralan kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy. Çäräni Türkmenabatdaky Amerikan burçy welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurady. Ol Türkmenabatdaky Amerikan  döredileniniň 20 ýyllygyna, Halkara Bilim hepdeligine we ABŞ-nyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

«Jeyhun.news» portalynyň habarçysynyň şu günki waka barada pikirini aýtmagyny haýyş edende, ilçi Metýu S.Klimow şeýle diýdi:

— Men ýene-de bir gezek Türkmenabat şäherine gelenime, aýratyn hem, Lebap welaýat kitaphanasynda bolýanyma şat. Men bu kitaphananyň şäher we sebit üçin nähili möhümdigini görýärin. Ol Türkmenistanyň ýaşlaryny okamaga höweslendirýär. ABŞ-niň ilçihanasynyň we Amerikan burçunyň wekilleri şu günki geçirilýän kitap, okuw we öwreniş baýramçylygyna gatnaşýandyklary üçin şat.

Şu gün baýram eder ýaly bahana kän. Birinjiden, biz Türkmenabatda Amerikan burçunyň açylanynyň 20 ýyllygyny belleýäris. Bu bilim we medeni alyş-çalyşlaryň 20 ýyllyk mümkinçiligi. Şonuň ýaly-da, biz iki ýurduň arasyndaky baý we netijeli alnyp barylýan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny belleýäris. Eýsem, kitap sergisini geçirmekden gowy baýramçylyk bolarmy?

Şonuň ýaly-da, ilçi çärä gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenabatdaky Amerikan merkezine baryp görmäge we şu günki kitap sergisinde olary ruhlandyrjak kitaby saýlap almaga çagyrdy.

Bu ýerde tehnologiýa burçynyň, ABŞ-da bilim almagyň we iňlis dili serişdeleriniň sergisi guraldy we olara gatnaşyjylara degişli ýumuşlar berildi. Şonuň ýaly-da amerikan we türkmen edebiýaty boýunça wiktorina geçirildi. «Amerikan burçynyň ilkinji günlerinden şu wagta çenli» atly ekranda görkezilen surat galareýasynda Amerikan burçunyň işi görkezildi. Soňra Iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça «Spelling Bee Contest» bäsleşigi geçirildi. Onuň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.

Çärä gatnaşyjylara amerikan nusgawy ýazyjylarynyň iki dilde: türkmen we iňlis dillerinde çap edilen eserlerini hödürlediler. Olaryň arasynda Lora Ingolz Waýlderiň, Ezra Jäk Kitsiň, Mark Tweniň, Kroket Jonsonyň, Robert Mak Kloskiniň we beýlekileriň eserler bar. Çagalar üçin niýetlenen bu neşirler iňlis dilini öwrenýänler üçin örän amatlydyr. Ondaky tekstler biri-birine ýanaşyk, ýagny, bir sahypada türkmen, garşysyndaky sahypada iňlis dilinde berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: