JEMGYÝET

ABŞ-niň bir million dollaryna barabar baýragyň hasabyna çagalar dynç alyş seýilgähi guruldy

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda çagalar üçin dynç alyş seýilgähini dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyrdylar. Ony 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça etraplaryň arasynda yglan edlen  bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde berilen ABŞ-niň bir million dollar möçberindäki baýragyň hasabyna gurdylar.

Etrap merkeziniň merkezi bölegindäki bu seýilgähi «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy gurdy. 1,5 gektar meýdany eýeleýän seýilgähde çagalara 24 orunlyk «Bruco mela» kebelek gurçugy, 16 orunlyk «Tea cups» käseleri attraksionlary, 20 orunlyk «Täýçanaklar» karuseli, on sekiz maşyny bolan «Bumper car» awtodromy, «Agaç gämi» oýun meýdançasy, ýapyşyp ýokary çykmak üçin ýüp attraksiony, ýellenilen batut we beýlekiler garaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: