ABŞ-da Prezident saýlawlaryna ses bermek başlandy
Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän ABŞ-daky prezident saýlawlaryna sanlyja gün galdy. 5-nji noýabrda Donald Tramp bilen Kamala Harris ABŞ-nyň nobatdaky Prezidenti bolmak üçin bäsleşerler.
Iri syýasy-jemgyýetçilik wakasy – prezident saýlawlary üçin öňünden ses bermek işi başlady. Bu babatda ilkinji sesler ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda berildi.
Ertir ýurduň Demirgazyk Karolina ştatynda wagtyndan öň ses bermek işi geçiriler.
ABŞ-da 60-njy gezek geçirilýän prezident saýlawlary 5-nji noýarbda guralar. Amerikanyň halky ýurduň iki iri syýasy partiýasy Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Kamala Harrisiň hem-de Respublikan partiýanyň dalaşgäri Donald Trampyň dalaşgärliginde geçirilýän saýlawlarda ses bererler.
Täze saýlanan Prezidenti 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda wezipesine girişer.