ABŞ-da müşderilerine nahar bilen bilelikde kitap hödürleýän restoran bar
ABŞ-da täsin bir restoran bar. Onda müşderilere nahar bilen bilelikde islän kitabyny saýlap almagy hem teklip edýärler. Özem, kitap mugt berilýär. Bu barada «Rambler» habar berýär.
Müşderiler kitaplary okamak üçin höwes bilen alyp gidýärler. Üstesine, özleri hem okalan kitaplaryny getirip berýärler. Şeýlelik bilen, köp ýyllaryň dowamynda bu ýerde millionlarça eserler müşderilere berildi. Ol 1970-nji ýylda açyldy. Restoranyň eýesi öýündäki kitaphanasynyň tertibe saljak bolanda, naharlanmaga gelýän müşderilere bermegi ýüregine düwdi. Bu «Traveller» restoranynda asylly däbe we ony beýlekilerden tapawutlandyrýan alamata öwrüldi. Onuň adynyň aşagynda bolsa «Food and books» («Nahar we kitaplar») diýen ýazgy bar.