LUKMANÇYLYK

ABŞ-da «Merck» kompaniýasy COVID-19-dan tabletkalary çykaryp başlar

ABŞ-nyň iýmitiň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik boýunça dolandyrmasy (FDA)  «Merck» we «Ridgeback Biotherapeutics» derman kompaniýalary tarapyndan döredilen COVID-19-dan tabletkalary (molnupirawiri) ýaýradyp başlamaga lisenziýa berdi, diýip, «Коммерсантъ» gazeti ýazýar.

Oktýabryň başynda «Merck» molnupirawiriň synaglarynyň üstünlikli tamamlanandygy barada habar beripdi. Şonda dünýäde ilkinji çykarylan tabletkanyň diňe bir koronawirus ýokanjynyň ýokuşmagyndan goraman, kesel bilen hem göreşýär diýlip aýdylypdy.

Onuň ozalyndan FDA gyssagly ýagdaýlarda «Pfizer» kompaniýasynyň koronawirusdan serişdesini ulanmagy makullapdy. Özem, kliniki synaglaryň netijelerine görä, «Pfizer»-iň tabletkalary «Merck»-iň serişdelerinden has netijeli. Olar hassahana ýatyrylmak howpuny 89% peseldýärler. Şol bir wagtyň özünde «Merck»-iň molnupirawiri bu howpy bary-ýogy 30% azaldýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: