MEDENIÝET

Abdyrahym Zynharynyň 230 ýyllygy bellenildi

Türkmen edebiýatynyň taryhynda çogly Güneş kimin şöhle saçyp, ynsan ýüreklerinde ebedilik ýaşaýan şahyrlaryň, ýazyjylaryň döredijiligi, ömür ýoly, döredijilikleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe giňden öwrenilýär we okyjylar köpçüligine yzygiderli ýetirilýär. Gadymy Lebap topragynda ýaşap geçen beýik akyldardyr alym-ulamalaryň, ýazyjyşahyrlaryň baý edebi mirasy bar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Geçmişde Lebap topragynda Idrisbaba, Nyýazguly Halypa, Seýitnazar Seýdi, Abdyrahym Zynhary, Allaguly Allahy, Myrat Şahyr we başga-da ençeme akyldardyr nusgawy şahyrlar ýaşap geçipdir. Olaryň asyrlar aşyp gelen baý edebi mirasy , dürdäne eserleri ýaş nesilleri watançylyk , ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzyň giňden öwrenilýän häzirki döwründe akyldarlarymyzyň parasatly sözleri, nusgawy şahyrlarymyzyň manyly goşgulary türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň belent waspy bolup, köňüllere dolýar» diýip belleýär. Nusgawy edebiýatymyzda gadymy Jeýhynyň boýlarynda ýaşap geçen şahyrlaryň arsynda Abdyrahym Zynharynyň baý edebi mirasy edebiýatymyzy tyllaýy Güneşiň ýiti şöhleleri deýin şuglalandyrýar. Şahyryň şygyrlarynda gozganylýan pikirler, öňe sürülýän meseleler ýyllar geçip, asyrlar ötse-de, ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Şahyr Abdyrahym Zynhary 1791-nji ýylda Amyderýany boýlap oturan Halaç etrabynyň Esenmeňli Obasynda öz döwrüniň sowatly , ylymdan ýüki ýeten Polat babanyň maşgalasynda dünýä inýär. Taryhy maglumatlara görä Polat baba öz döwrüniň iň bir güýçli medreseleriniň biri bolan Idris baba medresesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragy bilen okapdyr. Polat baba öz ogly Abdyrahym Zynharynyň ilkinji halypasydyr.

  Abdyrahym Zynharynyň «Akyl huşy ýagşydyr»,  «Ýigitler», «Sendedir», «Barypdyr», «Galan gelende», «Gelen Dünýä», «Buharadadyr», «Aýa meňzetdim», «Ýetişdim»  ýaly şygyrlarynda durmuşyň dürli temalary açylyp görkezilýär. Onuň döredijiliginde çeperçilik serişdeleri örän ussatlyk bilen ulanylypdyr.

Şahyryň  doglan gününe «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 230 ýyl doldy. Şahyryň doglan güni mynasybetli golaýda  Halaç etrabynyň 13 -nji orta mekdebinde  guralan dabaralar täsirliligi bilen tapawutlandy. Dabaralar iki gün dowam edip, ilkinji güni şahyryň ömrüni,  döredijilik älemini, ýaşap geçen zamanasyny giňden açyp görkezýän, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň esasynda mekdebiň mugallymy Annagül Kullyýewanyň guramagyna sergi görkezildi. Şol gün Esenmeňli obasynda ýerleşýän şahyryň bilim alan Zynhary medresesine gezelençler boldy. Şahyryň heýkeliniň öňündäki meýdançada döredijilik bilen meşgullanýan bilim işgärleri, okuwçylary şahyryň şygyrlaryny, şahyra bagyşlanyp döreden goşgularyny okadylar.

Dabaralaryņ ikinji güni etrabyň ussat mekdep mugallymlarynyň gatnaşmagynda  «Abdyrahym Zynhary — söz sungatynyň ussady» ady bilen ylmy -amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler nusgawy şahyryň ömür  ýoly,  döredijilik dünýäsi, şygyrlarynyň  ýaş nesilleri watansöýüji, ýokary ahlakly şahsyýetler edip kemala getirmekdäki ähmiýeti, häzirki döwürde şahyryň sarpalanyşy, öwrenilişi hakynda giňişleýin nygtadylar. Dabaranyň dowamy etrabyň medeniýet ussatlarynyň hem-de mekdep okuwçylaryň aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Etrabyň medeniýet merkeziniň artistleri ýazyjy Ýagmyr Hudaýgulyýewiň şahyryň ömrüni we döredijiligini beýan edýän «Käşgä köňlüm hoş bolsa» romanynyň esasynda gysga sahna oýunlaryny görkezdiler. Türkmenistanyň at gazanan artisti Baky Myradowyň, ussat aýdymçylar Agabeg Tokurowanyň, Mähri Işangulyýewanyň , Jumageldi Babaýewiň ýerine ýetiren şirinden- şirin aýdymlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Serdar Ýazhanow,

Halaç etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: