DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

ABBA-nyň täze albomy çykdy

ABBA täze albom çykardy. Onuň bilen tanyşdyryş geçen anna güni — 5-nji noýabrda boldy. «Voyage» («Syýahat») üç ýylyň iň garaşylan albom boldy. Hut şonça ýyllap albomyň üstünde işlenildi: sazandalar birleşmek barada çalt şertleşdiler, ýöne ilkinji görkezilişi birnäçe gezek yza süýşürdiler. Ine, ahyry, 40 ýyldan soň şwed kwartetiniň albomy çykdy! Bu barada Российская газета» ýazýar.

«Voyage»-de 10 aýdym bar. Onuň dokuzyny sazandalar Stokgolmda klawişnik we wokalist Benni Anderssonyň studiýasynda 2018-nji ýyldan bäri ýazdylar.

«Voyage»-de 9 sany täze aýdym we bir sany ýatdan çykyberdi diýen ýaly — «Just a Notion» aýdymy bar. Ol birinji gezek 1978-nji ýylyň ABBA altynjy «Voulez-Vous» albomynyň üstünde işlän wagty ýazylypdy, ýöne oňa girizilmändi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: