BIZE YAZYARLAR

Abadançylygyň gönezligi

Adam tebigatyň bir bölegi bolup, onuň ömri, durmuşynyň ähli ugurlary tebigat bilen özara sazlaşykly gatnaşygyna, tebigy baýlyklardan näderejede tygşytly peýdalanýanlygyna baglydyr. Bu özara gatnaşyklarda deňagramlylygy, sazlaşyklylygy saklamagyň ýollaryny gözläp tapmak häzirki döwrüň örän möhüm wezipeleriniň biridir. Şonuň üçin her ýylyň 5-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni barha uly ähmiýete eýe bolýar. Bu günüň maksady Ýer şaryny we tebigaty gorap saklamak boýunça oňyn çärelere ählumumy ünsi çekmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda daşky gurşawa zyýansyz önümçiligi döretmekden başlap, adamlaryň saglygyny goramak we sagdyn durmuş şertlerini, ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, tebigat bilen bagly ähli meselelere örän duýgur, netijeli we parasatly çemeleşilýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýän we özgerýän döwründe ýurdumyzyň ekologiýa deňagramlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belleýär. Bu ugurda Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebitleýin merkezi açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny we BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini esaslandyrmak baradaky başlangyçlary ekologiýa bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Ýer serişdeleriniň, howanyň, suwuň hapalanmazlygy we arassalanylmagy, galyndylaryň gaýtadan işlenilmegi ýaly ekologiýa meseleleriniň çözülmegi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, şol sanda Gün, ýel energiýasyny, bioýangyjy almak we ulanmak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmek, ýangyjy ulanmagyň, binalarda we desgalarda energiýany ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlardaky innowasiýalar durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň gadymy döwürlerden ösen medeniýetini, şol sanda ekologiýa medeniýetiniň ýokary derejesini onuň ýaşaýyş-durmuşyna «ýaşyl» tehnologiýa ylmynyň şu günki gazananlaryna laýyk ýörelgeleriň mahsusdygyndan görmek bolýar. Ýewropalylaryň suwy tygşytlamaga niýetlenen öýleriniň — ekomeýnstrimleriň gurluşygynyň usullaryny türkmenler irki döwürlerden bäri ulanyp gelýärler. Halkymyz suw damjasyny altyn dänesine deňäp, ýagyş, sil suwlaryny, gyşda ýagan garyň suwuny hem netijeli ulanypdyr. Agaç, toýun, saman, gamyş ýaly tebigy, arassa gurluşyk serişdelerinden ekoloutekleri gurmagyň usullary hem halkymyza öňden mälim.
Döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan «ýaşyl zolaklary» giňeltmegiň netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn uludyr. Çünki tokaýlaryň köpeldilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga ýardam berýär. Her ýylda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagynda ýaş agaç nahallarynyň millionlarçasy oturdylýar. Gök ekinler atmosferadaky kömürturşy gazyň uly möçberini siňdirmekde, ösümlikleriň we haýwanlaryň ekologiýa ulgamlarynyň dürlüligini gorap saklamakda esasy wezipäni ýerine ýetirýär. Baglar diňe bir oba-şäherleriň däl, durmuşyň hem bezegidir. Biziň her birimiz eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işlere öz goşandymyzy goşmalydyrys.

Babanazar TURAÝEW,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň newropotolog lukmany.