TÜRKMENISTAN HABARLARY

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry ýubileýini belledi

Düýn Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry ýubileýini belledi, diýip «turkmenportal.com» ýazýar.

95 ýyl mundan ozal — 1926-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda onuň açylyşy bolup geçdi. 1937-nji ýylda oňa beýik rus şahyrynyň ady dakyldy.

Ol Türkmenistandaky iň ozal döredilen teatrdyr. Ýurt üçin iň kyn döwürlerde hem teatr işledi. Beýik Watançylyk urşy döwründe Puşkin teatry «Maňa garaş», «Front», «Batalýon günbatara barýar», «Doganlar» we beýleki harby-watançylyk temasyndaky spektakllary görkezdi.

1948-nji ýylyň aýylganç ýer titremesinde teatryň jaýy ýykyldy. Ýöne muňa garamazdan, eýýäm bir aýdan soň teatryň topary gynançdan we lapykeçlikden göwni çöken adamlary goldamak üçin spektakllary görkezip başlady.

Bir asyra ýakyn taryhynyň dowamynda teatrda daşary ýurt, rus we türkmen dramaturglarynyň eserleri sahnalaşdyryldy. Teatryň toparynyň daşary ýurtlara gastrollary üstünlikli geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: