BIZE YAZYARLAR

JADYLY BAG: TEBIGATY DUÝ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçi  ildeşimiz Alişir Ergeşowyň «Jadyly bag» haryt nyşany bilen hödürleýän dekoratiw baglarynyň meşhurlygy hem günsaýyn artýar. Çünki biziň ýurdumyzda janly hem jadyly tebigata aýratyn hormat goýulýar, şol esasynda hem Watanymyzyň ähli sebitlerinde baglardan we güllerden emele getirilen ekologiýa medeniýeti ösdürilýär, seýilgäh we landşaft zolaklarynyň sany köpelýär. Şeýle ajaýyplyklara bolan islegleriň barha artýandygyny nazara alyp, bezeg agaçlaryny we gülleriň dürli görnüşlerini öz müşderilerine elýeter edýän telekeçi tomus paslynda hem netijeli işleri alyp barýar.

         Ýylyň dört paslynda hem ekilmäge degişli, ýaşyl öwsüp oturan bezeg agaçlary bilen tebigaty söýýänleri begendirýän «Jadyly bag» dükanynda daşary döwletlerde ösdürilip ýetişdirilýän täsin baglaryň köpdürliligi müşderileriň  ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde kiparislere, ýapon biryuçinalaryna, dürli görnüşli palmalara bolan islegler has köp. Adaty däl görnüşli, ýöne türkmen topragyna we klimatyna  tiz uýgunlaşmaga ukyply şeýle baglar, güller we gazonlar landşaft dizaýnynyň örän täsirli keşbini-janly sungaty emele getirýär. Bu islendik ýaşdaky adamlarda keýpiçaglyk, göwün göterijilik, ruhubelentlik duýgularyny döredýän bolsa gerek.

Häzirki wagtda bolsa bu hojalyk tarapyndan landşaft gurşawyny döretmäge, öz daş-töweregini tebigy gözellikler bilen bezemäge isleg bildirilýän müşderiler bilen aragatnaşykda bolup, goşmaça hyzmatlary hödürlemegiň hem mümkinçilikleri giňeldilýär. Müşderiler bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň maslahatlaryny diňlemäge, agaçlaryň häsiýetlerini we niýetlenilişini bilmäge, ekmek we ideg etmek boýunça çäreleriň tertibini öwrenmäge mümkinçilik alýarlar. Mundan başga-da, bu ýerde keramikadan we betondan janly tebigat üçin taýýarlanan uly ölçegdäki gaplar, dürli görnüşdäki küýzeler şeýle-de ideg etmek üçin serişdelerdir, dökünler hem müşderilere hödürlenýär. Munuň özi daş töweregini täsin baglar bilen baýlaşdyrmak, gazonlar üçin niýetlenen ýaşyl otlary düşemek, kämil tebigy oasizi, seýilgäh zolaklaryny döretmek isleýän watandaşlarymyz hem-de edara-kärhanalar üçin amatly mümkinçilikdir.

   Işewür ildeşimiz öz alyp barýan işiniň maksatlary barada şeýle belleýär:  

— Adamlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmak, ekologiýa medeniýetine goşant goşmak, jemgyýetiň tebigy gözelliklere bolan islegini kanagatlandyrmak, daşky gurşawyň gözelligine goşant goşmak, şu ugurdaky başlangyçlary giňeltmek we «Jadyly bag» bilen tebigaty duýmak biziň esasy maksadymyz.

  Geljekde hem telekeçiniň has täsirli bezeg baglaryny ýurdumyza getirmek, halkymyz üçin eleýeterli etmek, degişli çygyrdaky hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek niýeti bar.

 

Saýat AKMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we

ulag-kommunikasiýalary institutynyň talyby,

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: