83 ýaşly mekdep
Türkmenabat şäheriniň köp ýaşaýjylary üçin Omar Garaýew köçesinde ýerleşýän bu jaý örän tanyş bolsa gerek. Bu ýerde 1-nji welaýat çagalar sungat mekdebi ýerleşýär. Ol öz taryhyny 1937-nji ýyldan alyp gaýdýar. Ondan bäri oňa A.Baratow, J.Rozyýew, A.Loboýko, H.Jumakulyýew, S.Nurmyradow, N.Joraýew, J.Kerimkulow ýaly öz işini ussatlary ýolbaşçylyk etdiler. 2018-nji ýyldan bäri mekdebe M.Çaryýew ýolbaşçylyk edýär, okuw-usuly işleriniň ýöredilişine B.Ýazmyradow gözegçilik edýär. Bu ýyl sungat mekdebiniň döreilenine 83 ýyl dolýar. Bu sene mekdebiň däpleri, mugallymlary, olaryň ýeten sepgitleri, uçurymlary barada söhbet etmäge mümkinçilik berýär.
Previous
Next