YKDYSADYÝET

 77,9 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz eksporta ugradyldy

Bu üstünlik şu ýylyň sekiz aýy boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirligine degişlidir. Müdirligiň hünärmenleri aýma-aý meýilnamalary Naýyp we Bagaja känlerindäki önümçilik desgalar toplumlarynda işleri netijeli alyp barmak bilen berjaý edýärler. Bu üstümizdäki ýyl babatda hem şeýledir.

Müdirlikde geçen sekiz aýda 80 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi we bu baradaky meýilnama 108,8 göterim berjaý edildi. Jemi öndürilen önümiň 77,9 müň tonnadan gowragy bolsa eksporta ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: