Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Altyn Rozyýewa Ahal welaýatynda geçirilen «Ömürlere ömür berýär eneler» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan guraldy.
Döredijilik bäsleşigi zenanlaryň göreldeli zähmetini, maşgala ojagyny aýap saklamakdaky ornuny, edep-ekramyny, çeper el işlerini we döredijilik ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirildi. Oňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Altyn Rozyýewa hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi.
Bäsleşigiň netijesinde türkmenabatly mugallym ýeňiji diýlip yglan edildi. Onuň bu üstünligi bilim işgärleriniň döredijilik işjeňliginiň we jemgyýetçilik-medeni çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny görkezýär.
Türkmenabatly mugallym Ahalda geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy
24
Apr

