DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

65 ýaşly Ançelottiniň karýerasy haçan gutarar?

“Realy” uly üstünliklere alyp baran Karlo Ançelotti karýerasynyň haçan gutarjakdygy baradaky soraglara öz jogabyny berdi. Ol:

 Men tälimçilikde köp ýyllap işläp biljekdigime ynanýaryn. Içimdäki ot sönýänçä futbol tälimçisi bolmagymy dowam etdirerin – diýdi.

 65 ýaşly italýan hünärmeniniň “Patyşalyk kluby” bilen şertnamasy 2026-njy ýylyň ýarysyna çenli dowam eder.

 Ýewropadaky käbir çeşmeler, Ançelottiniň Saud Arabystanyndaky amala aşyrylmagyna garaşylýan uly taslamany dolandyrmak isleýändigini ýazýarlar. “Realyň” eýeleri bolsa, Karlo gitmek islese, ornuna “Baýeri” çempion eden Habi Alonsony getirmek hakynda pikirlenýärler.