JEMGYÝET

Gallany ýangyndan goramak bilen bagly çäreler ýatladyldy

Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi tarapyndan welaýat neşirinde galla oragy möwsüminde berjaý edilmeli ýangyna garşy göreş çäreleri ýatladyldy.
Makala bellenilişi ýaly, galla oragy döwründe ähli kombaýnlaryň, däne daşaýan awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň gurat ýagdaýda bolmagyny gazanmak zerurlyk bolansoň ulaglaryň ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler we enjamlar bilen, tüsse çykarlarynyň bolsa uçgun söndüriji abzallar bilen üpjünçiligi aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen tehnikalaryň sürtülýän we çenden aşa gyzýan ýerleri saman sypallaryndan wagtly-wagtynda arassalanylýar.
Oraga taýýarlygyň barşynda awtomobil ýollar bilen galla ekin meýdanlarynyň 30 metr aralygynda ýangyna garşy araçäkler döredildi. Şeýle hem mehanizatorlar üçin wagtlaýyn meýdan düşelgeleri däne meýdanlaryndan weharmanlardan 100 metr uzaklykda ýerleşdirildi. Hasyl ýygnalýan ýerlerde  azal tirkelen traktorlar taýýarlanylyp goýuldy. Bu işler ýangynyň garşysyna göreşmekde iň zerur we ähmiýetli çärelerdir. Galla meýdanlarynyň çäginde wegolaýlarynda açyk ot ýakmazlyk, ot bilen baglanyşykly beýleki işleri geçirmezlik üçin meýletin ýangyn söndüriji toparlaryň wekilleriniň nobatçylyk gözegçiligi-de berkidilendir. Ýangyn howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin galla
meýdanlarynda ulaglary bejermeklige ýol berilmeýär. Bejeriş-abatlaýyş işleri we kombaýnlara ýangyç guýmaklyk üçin ulaglar galla meýdanyndan 100 metr daşlyga, takyr ýere çykarylýar.
Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine laýyklykda tokaý, çöl meýdanlaryna, demir, awtomobil ýollara ýakyn bolan galla meýdanlarynda ini 4 metrden az bolmadyk ýangyna garşy araçäkler döredilýär we bu çäkler ot-çöplerden arassalanylýar. Bugdaýy orlan meýdanlarda bolsa dessine sürüm işleri geçirilýär.