BILIM

62 ýaşly mekdep täze binada täze mümkinçilikleri hödürleýär

Saýat etrabynda umumybilim berýän orta mekdepleriň sany 60-dan geçýär.
Täze mekdep şu ýyl açylyp, ulanylmaga berlen hem bolsa ol tertip boýunça 19-njy orta mekdepdir. Çünki edil şu mekdep 1962-nji ýyldan bäri obada işläp gelýärdi. Şu ýyl bolsa bu baýry bilim ojagy täze binalar toplumyna geçirildi.
 Welaýatda döwrebap bilim ojaklarynyň birnäçesiniň gurluşygyny amala aşyran
«Ussa Tirkeş» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen täze
mekdep 3 gektar meýdany eýeleýär. Özi hem ony obanyň bir çetinden gözläp
tapmaly däl. Türkmenabat — Kerki awtomobil ýolundan oba giren dessiňe, her
bir myhmany ilki bilen döwrebap mekdebiň binasy garşylaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: