BIZE YAZYARLAR

Başlangyç bilimiň ähmiýeti

Başlangyç synplarda çagalara berilýän bilimiň, terbiýäniň netijeli bolmagy üçin,
ilkinji nobatda, mugallymyň baý iş tejribesiniň bolmagy zerurdyr. Kiçi ýaşly
mekdep okuwçylarynyň daş-töweregindäki zatlara göz ýetirmeginde, olaryň aň-
düşünjesiniň, ukyp-başarnygynyň ösmeginde öwrediji oýunlaryň uly ähmiýeti
bar.
Körpeliginden höwes bilen oýnaýan oýunlary çaga durmuşynyň bir bölegi bolup
durýar. Mugallym dürli oýunlary guraýarka, ünsli gözegçilik etse, her bir
çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlygyny — gylyk-häsiýetini, zehinliligini,
başarnygyny ýüze çykaryp biler.
Okuwçylar oýun oýnanlarynda olaryň göz öňüne getirmek ukyby ösýär.
Aslynda, çagalar köplenç öz hyýaly pikirleriniň dünýäsinde ýaşaýarlar. Olaryň
oňat göz öňüne getirmegi hakyky durmuş tejribesi bilen berk baglanyşykly
bolup durýar. Elbetde, bu ýagdaýda çaganyň göz öňüne getirmek ukyby uly
adamlaryňka garanyňda ýönekeýdir.
Oýunda kämilleşmek bilen, çagalaryň pikirleniş, sözleýiş ukyplary ýüze çykyp
başlaýar. Aýratyn-da, bu ukyp surat çekmekde, ertekileri gürrüň bermekde,
goşgulary labyzly okamakda ýokarlanýar. Bu ýagdaýda çagalar oýundaky ýaly,
ilkibaşda suratlardaky şekilleri göz öňüne getirip, olary kabul etmek arkaly
beýan edýärler.
Körpe nesli terbiýelemekde ertekiler hem uly ähmiýete eýedir. Ertekileriň
gahrymanlarynyň ýokary ahlak sypatlary, halallyk, lebizlilik, wepadarlyk we
beýleki ynsanperwer häsiýetleri çagalarda uly täsir galdyrýar, olarda şol
häsiýetleri ýaşlykdan kemala getirmäge ýardam edýär.

Şemşat ROZYÝEWA,
Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: