SPORT WE SYÝAHAT

58 ýaşly Holifild ringde iki minut saklandy

12-nji sentýabrda ertir irden Floridada täsin tutluşyklardan doly bolan boks boýunça turnir tamamlandy, diýip «mail.ru» ýazýar

Bu ýaryşlaryň esasy tutluşygy alty agram derejesinde eks-çempion Oskar de la Hoýn bilen UFC-niň eks-çempiony Witor Belfordyň duşuşygy bolmalydy. Ýöne Altyn Oglanjyk «COVID-19» bilen näsaglap, ýaryşa gatnaşýanlaryň sanawyndan özüni aýyrtmaly boldy.

Guramaçylar dessine oňa derek türgen gözläp baladylar we 44 ýaşly Witoryň garşysyna öň iki derejede dünýäniň absolýut çempiony bolan Ewander Holifildi saýlap aldylar. Amerikaly köp wagtlap ringe dolanyp gelmäge taýýarlyk görýärdi.

Tutluşyga başlamagy aňladýan ring kakylandan soň boksçylar biraz wagtlap biri-birini öwrendiler. Ýöne Belfort hüjüme geçen dessine 58 ýaşly weteranyňky paşman başlady. Ozal Holifild garşydaşynyň çep eliniň urgusyndan soň entirekläp gitdi. Soň Witoryň birnäçe urgularyndan soň göwresi bilen goranmaga synanyşdy. Ýöne deňagramlylygyny saklap bilmän, germewiň daşyna ýykyldy. Bu masgaraçylygyň başy eken.

Indiki urgy bilen Belfort dünýäniň eks-çempionyny nokdauna iberdi. Indi, onuň bilen duşuşyk tamamlanaýmaly ýalydy. Ýöne emin sanap başlady we Holifildiň turmagyna hem-de tutluşygy dowam etdirmäge taýýardygyny görkezerine garaşdy we ýaryşy dowam etdirdi. Witor ýene-de garşydaşyny yzygider urup başlady. Holifild pahyr ýekeje gezegem jogap berip bilmedi we ähli urgulary kabul etdi. Netijede emin duşuşygy saklady. Ewander tehniki nokaut bilen iki minutdan hem az wagtda ýeňildi. Şonda betbagt ýekeje ýerlikli urgy hem urup bilmedi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: