YKDYSADYÝET

58 müň tonna ýakyn ňnüm meýilnamadan artyk

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda geçen alty aýda fosforly mineral dökünleri öndürmegiň meýilnamasy 175,4 göterim ýerine ýetirildi.
Bu göz öňünde tutulan 76 müň 800 tonnanyň deregine 134 müň 700 tonna mineral döküniň öndürilendigini aňladýar.
Himiýaçylar kükürt kislotasyny öndürmekde hem gowy netijeleri gazandylar. Şu ýylyň geçen aýlarynda bu önümiň 44,5 müň tonnasy öndürildi. Kükürt kislotasy mineral dökünlerini we beýleki himiýa önümlerini öndürmekde giňden peýdalanylýar. Zawodyň öndürýän senagat ähmiýetli kükürt kislotasy ýurdumyzyň çäginde bar bolan senagat kärhanalarynda hem giňden ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply