TÜRKMENISTAN HABARLARY

55 ýaşly çäkli goraghanada guşlaryň 200-den gowrak görnüşi düşläp geçýär

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde Kelif aýratyn çäkli goraghanasy 1970-nji ýylda döredilip, 103 müň gektar meýdany tutýar. Bu aýratyn çäkli goraghana guşlaryň höwürtgelemegine, gyşlamagyna we olaryň 200-den gowrak görnüşiniň göçüş döwri düşläp geçmegine uly ýardam edýär.
Kelif aýratyn çäkli goraghanasynyň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, esasan, Garagum derýasynyň suwy bilen bagly. Suw sebitiň ekologiýa ulgamyny düýpli özgerdip, onuň tebigy baýlyklarynyň artmagyna şert döredýär. Onuň çäginde sütünli we gyrymsy agaçlar, dürli köpýyllyk otlar bilen örtülen gür jeňňellikler duş gelýär. Kelifiň ösümlik dünýäsi köp dürlüdir. Garagum derýasynyň, ululy-kiçili kölleriň gyralarynda we olara ýanaşyk meýdanlarda dürli ösümlikleri görmek bolýar. Olaryň arasynda toraňňy, igde, garagaç, söwüt, ýylgyn, gamyş, hyşa, buýan we başgalar bar. Toraňňy agajy Tebigaty goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Bu ýerde süýdemdirijileriň 31 görnüşi mesgen tutupdyr. Olaryň arasynda syçanlar we tilkiler has agdyklyk edýär. Kölleriň töwereklerinde, tokaýdyr gamyşlyklarda ýekegapandyr mekejinler jojuklaryny yzyna tirkäp, erkin gezýärler. Döwlet tarapyndan goralýan Kelif köllerinde imisala, asuda durmuşyň höküm sürýändigi we iýmit gorunyň ýeterlikdigi sebäpli ýabany haýwanlaryň sany barha artýar. Çöldür sähralaryň bezegi bolan keýikleriň sany hem ýylsaýyn köpelýär.
Ýyrtyjy süýdemdirijilerden möjek, şagal, tilki, syrtlan, ýabany pişik, garagulak ýaly haýwanlara hem bu ýerde ýygy-ýygydan duş gelinýär. Goraghanadaky keýik, alajagözen, gunduz, zolakly syrtlan, garagulak Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Kelif kölleriniň suwlarynda balyklaryň 40-a golaý görnüşi ýaşaýar. Bekre balygy hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we Tebigaty goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Mahlasy, Kelifiň özboluşly tebigy aýratynlyklary, täsinlikleri we gözellikleri bar. Onuň ösümlik dünýäsiniň öwrenilmegi netijesinde demirgazyk we günorta bölekleriniň ösümlik tohumlarynyň tapawutlydygy anyklanyldy. Demirgazyk böleginde, esasan, sözen, borjak, sazak, gandym we beýleki çöl ösümlikleri agdyklyk edýär.