50 metrlik gamburger

Dec 25, 2020

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde uzynlygy 50 metre ýetýän çelpekli (lawaşly) gamburger ýasaldy. Ýurduň täze rekordy hökmünde bellige alnan tagamdan düşen girdeji «Mähirli eller» atly haýyr-sahawat guramasyna berildi.
Tagamy taýýarlamaga aşpezleriň 70-si gatnaşdy. Olara 20 adam kömek berdi.
Täsin gamburgeri taýýarlamak üçin 50 kilogram et, 8 kilogram gowrulan ýeralma (çipsi), 7 kilogram pomidor we şonça käşir, 5 litr çorba, bir blok ketçup we şonça maýonez sarp edildi.
Mundan ozal Daşkentde diametri 2,5 metre ýetýän burger we uzynlygy 45 metr bolan hot-dog taýýarlanylypdy.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: