SYÝASAT

5—6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda döwlet saparynda bolar

5—6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda bolar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrligine salgylanmak bilen, «Atavatan-turkmenistan» saýty habar berýär.

Habar berilişine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bolar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulanyna 30 ýyl doldy we şol döwürde iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýe boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: