SPORT WE SYÝAHATTÜRKMENISTAN HABARLARY

48 ýaşly Françesko şertnama teklip eden toparyň ady mälim boldy

Italiýanyň futbolynda “Romada” ady rowaýata öwrülen Françesko Tottiniň futbola gaýtmagy barada maglumatlar bar. 48 ýaşly futbolçynyň özi A Seriýadan çynlakaý teklipleriň bardygyny aýtdy.
“La Repubblica” neşiri Tottini futbola gaýtarmak isleýän klubyň adyny aýtdy.
Çeşmäniň habaryna görä, “Komo”  topary karýerasyny tamamlan hüjümçi bilen
hyzmatdaşlyk edýär.
Baş tälimçi Sesk Fabregas, “Komony” ýokary bölümde saklamak üçin tejribeli
futbolçylaryň hyzmatlaryndan peýdalanýar. Ispaniýaly hünärmen Pepe Reýna,
Serhi Roberto, Patrik Kutrone, Andrea Belotti ýaly meşhur futbolçylary topara
çekdi.
Françesko Totti 1992-2018-nji ýyllar aralygynda “Romanyň” abraýyny gorady.
Ol rimliler üçin jemi 783 oýunda meýdana düşüp, 307 golyň we 209 assist eýesi
boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: