Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Begaryk obasynda täze mekdebiň açylmagy ýaşlaryň durmuşynda taryhy waka boldy. 400 orunlyk bu kaşaň bina ilkinji sentýabrda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Okuw ýylynyň ilkinji gününde mekdebiň gapylary ýaş nesle giňden açylyp, bilimler dünýäsine şowly gadam goýmaklary üçin ähli şertler döredildi. Bu desganyň ulanylmaga
berilmegi obanyň ýaşaýjylarynyň guwanjyny artdyryp, ýaşlaryň beýik arzuwlaryna ýoly giňden açdy.
Täze mekdebiň sport meýdançasyndan başlap, ders otaglaryna çenli ähli ýerinde häzirki döwrüň ösen tilsimatlary ornaşdyryldy. Kompýuterler, okuw esbaplary we okuw-görkezme serişdeleri bilen üpjün edilen bina hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň aladalarynyň miwesidir. Şeýle döwrebap
bilim ojagynyň açylmagy Begaryk obasynyň ýaşlarynyň öz zähmet ussatlaryny ýürekden minnetdarlyk bilen ýatlamagyna, döwlet ýolbaşçylarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdmagyna sebäp boldy.
400 orunlyk täze mekdep begaryk obasynyň görküne görk goşdy
04
Sep
