MEDENIÝET

40 ýyla golaý tejribesi bolan halyçy hormatly adyň eýesi boldy

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, türkmen halylarynyň gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren hyzmatlary üçin tapawutlanan halyçylara döwlet sylaglary berildi, hormatly atlar dakyldy. Olaryň hatarynda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Güneşlik» önümhanasynyň halyçysy Tawus Haýydowa hem «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Tawus Haýydowa 38 ýyldan gowrak wagt bäri Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýär. Ol 2017-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Halyçylyk Tawus Haýydowanyň maşgalasynda dowam etdirilýän senet bolup, bu hünäriň inçe syrlaryny ol ejesinden öwrenipdir. Häzirki wagtda onuň gelni, gyzy we agtygy hem haly dokamak bilen meşgullanýar.