YKDYSADYÝET

3577 tonna üzüm hasyly ýygnaldy

Şunça hasyl üstümizdäki ýylda Mary şäherindäki «Gözel künjek» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Tagtabazar etrabyndaky meýdanlaryndan ýetişdirilen üzümden ýygnaldy. Ýüzlerçe gektar ýerden alynýan hasylyň möçberiniň ýylyň-ýylyna artýandygy bellärliklidir. Ýagny, 2020-nji ýylda bu ýerden 2047 tonna, 2021-nji ýylda 2921 tonna, şu ýyl bolsa 3577 tonna üzüm hasyly alyndy. Ýygnalan hasyl şertnama esasynda dessine ýerli gaýtadan işleýiş kärhanalaryna ugradylýar. Çünki konsentratlyk üçin ýetişdirilýän üzümleriň bu ýerde dürli görnüşleri: gara üzüm, gelinbarmak, gara kişmiş, bidäne üzüm ýaly onlarça görnüşleri bar.

Şu günler paýdarlar jemgyýetiniň şertnama esasynda zähmet çekýän 500-e golaý işçi-hünärmenleri ýaýylyp ýatan üzüm meýdanlaryna birinji gyş suwuny tutmagyň aladasynda.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: